dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy

Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi barada

Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi döwlet edarasy bolup, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň tabynlygyna degişlidir. Mekdep hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýär.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň garamagynda bolup, deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde bu pudaga we beýleki halk hojalygyna degişli hünärmenleri taýýarlaýar, ýagny bilim ojagy hökmünde bu ýerde häzirki wagtda aşakdaky hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Dowamyny oka

Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 27 2026
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener – 2026» bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň ähli künjeginden gelen 7 – 12-nji synp okuwçylarynyň iki ýüz töweregi Aşgabatda «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň meýdançasynda geçirilen «Ýaş inžener – 2026» bäsleşigine gatnaşdylar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýaryşlar toparlaýyn we şahsy hasapda geçirildi.

Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Card image cap
Apr 20 2026
Türkmenistanyň Prezidenti ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy tabşyrdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annaýew ýurduň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. TDH-niň habar berşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan bu ugurda, hususan-da, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň satyn alyp berýän täze, döwrebap awtobuslary we beýleki awtoulag serişdeleri Aşgabatda we ýurduň ähli künjeklerinde ilata netijeli hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň hem ýokarlanýandygyny belledi hem-de ýolagçy gatnawyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

604

Talyp

40

Mugallym

13

Ugur

Bildirişler

Ähli bildirişler
Card image cap
Maý 23 2026
Menzilleri aýdyň, ýollary ak bolsun!

Şu dabaraly günlerde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhyna laýyklykda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde nobatdaky uçurymlara hünär dünýasine ugratmak dabarasy uly ruhybelentlik bilen geçirildi. Mawy şäheriň iň görnükli bilim ojaklarynyň biri bolan bu mekdepde geçirilen çäre ýaşlaryň durmuşynda iň ýatda galyjy taryhy günleriň birine öwrüldi. Dabara dabaraly we şowhunly ýagdaýda başlandy mekdebiň howlusy baýramçylyk lybasyna bürenip, aýdym-sazlar we gutlag sözleri belentden ýaňlandy dabara diňe bir uçurymlar we mugallymlar däl, eýsem talyplaryň ata-eneleri hem gatnaşdy. Uçurymlar özleriniň ak we mawy reňkli deňizçilik lybaslarynda nyzama durup, Watana, halka we saýlap alan hünärlerine bolan wepalylygyny görkezdiler. Çärede çykyş eden bilim ojagynyň ýolbaşçylary we halypa mugallymlar ýaş hünärmenleriň gaty jogapkärli, şeýle-de gaty merdana käriň eýeleri bolup ýetişendiklerini buýsanç bilen bellediler. Ýaşlara:

Card image cap
Apr 20 2026
Wagyz-nesihat işleri geçirildi.

"Garașsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyñ mekany" ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt- ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryñ sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öñde goýlan wezipeler, seýle hem ýaşlaryň arasynda türkmeniñ döwIetlilik ýörelgelerini, milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, sagdyn-durmuş yörelgelerini, maşgala gymmatlygyny giñden wagyz etmek maksady bilen Zenanlar guramasynyñ Turkmenbaşy şaher birleşmesi bilen bilelikde Türkmenbaşy şaherindäki Deñizçilik orta hünär okuw mekdebiniñ talyp gelin-gyzlarynyñ gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Card image cap
Apr 02 2026
Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy: Awazada talyplaryň joşgunly sport baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, aprel aýynyň ýurdumyzda Saglyk aýy diýlip yglan edilmegi ýaş nesilleriň ruhuny belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynyň 02-sine Hazar deňziniň merjen dänesi bolan Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda sport çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyplaryň aýratyn işjeňligi we buýsançly çykyşlary hemmeleriň ünsüni çekdi. Sport çäresi ir bilen deňiz kenarynyň tämiz howasynda köpçülikleýin maşklar bilen başlandy. Talyplar öz halypa mugallymlary bilen bilelikde, sazlaşykly saz astynda bedeni taplaýan döwrebap gimnastik maşklary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Ýaşlaryň her bir hereketinde sagdyn durmuş ýörelgesine bolan söýgi we öz mekdebine bolan guwanç duýuldy. Bedenterbiýe maşklaryndan soňra, çäräniň iň täsirli pursady bolan welosiped ýörişine badalga berildi. Awazanyň gözel binalarynyň ýanyndan geçýän ýodalarda talyplar uly joşgun bilen welosiped sürdüler. Bu ýöriş diňe bir sport çäresi däl, eýsem ýaşlaryň agzybirliginiň we sagdyn geljege bolan ynamynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Gatnaşyjylaryň ýüzlerindäki şatlyk we kalplaryndaky buýsanç çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy bilen utgaşan bu ajaýyp gün, talyplar üçin hakyky bagtyýarlyk baýramy boldy. Şeýle döwrebap şertleri we bagtyýar ýaşlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza mugallymlaryň we talyplaryň minnetdarlygy çäksizdir.

Makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Iýn 02 2026
Hazar döwlet goraghanasynyň biologik dürlüligi

Tutuşlygyna alanyňda Hazar deňziniň biologik dürlüligi ösümlikleriň we haýwanlaryň 1814 görnüşden ybaratdyr, deňziň bize degişli böleginde olaryň 900-den gowrak görnüşi bar we olar, biröýjükli suwotulordan başlap ýokary derejeli ösümliklere çenli we kökaýajyklylardan, foraminiferlerden, günjümeklerden sapajyklylardan (žgutiklilerden) guşlara hem süýdemdirjilere çenli 50 sany taksonomiki birliklerden ybaratdyr. Olaryň ep-esli bölegi endemiklerdir we bu babatda Hazar deňzi saýýarymyzyň (planetamyzyň) iň täsin, deňsiz-taýsyz suw ýataklarynyň biridir. Hazar döwlet goraghanasynyň (HDG) biologik dürlüligi özünde görnüşleriň has-da boldugy bilen tapawutlanýar, sebäbi onuň düzümine diňe bir deňziň suw giňişlikleri däl-de, eýsem çäginde ösümlikleriň hem ýerüsti haýwanlaryň baý toparlary mesgen tutan käbir süýji suw ýataklary we gury ýeriň ep-esli meýdanlary hem girýär. Agzalan toparlaryň görnüş düzümi hem dürli-dürli we olaryň ençemesi wajyp biologik resurslardyr. Goraghananyň oňurgaly haýwanlarynyň iň köp sanlysy 19 otrýada degişli bolan, 311 görnüşden ybarat guşlar klasydyr. Deňziň bize degişli bolan böleginiň kenarlarynda dünýäde iň möhümleriniň biri hasaplanylýan Merkezi-Aziýa we Gündogar-Aziýa göçüş ýollary birigýärler. HDG-niň meýdanynyň Lastaýaklylar otrýadynyň ýeke-täk wekili, endemik, kaspi düwleniniň (Phoca caspica) ýaşamagy üçin uly ähmiýeti bar. HDG-niň biodürlüligi: oňurgaly haýwanlar-429g.ş; balyklar-48g.ş; ýerde-suwda ýaşaýanlar-2g.ş; süýrenjiler-26g.ş; süýdemdirjiler-42g.ş. olaryň birnäçesi Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilen. Goraghanada ösümlikleriň 660 görnüşi, şol sanda pes derejeli ösümlikleriň (kömelekler, mohlar, lişaýnikler) 30-a golaý görnüşi we 9 sany sebit endemiklerini hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen 5 görnüş hem goşanynda, gülli ösümlikleriň 528 görnüşi bar. Goraghananyň ýalpak suwly kenarýaka zolagynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürlüligi, biomassasy ýüzlerçe müň tonna ýetýän baý iýmit binýadyny üpjün edýär we uçup geçýän we gyşlaýan suw-batgalyk hem suwda ýüzýän guşlaryň köp mukdaryny Hazar goraghanasyna çekýär. Şu günki günlerde HDG-niň diýseň ba biodürliligini aýap saklamak üçin, ilatyň aýry-aýry toparlary bilen bilelikde ýa-da olaryň gatnaşmagyna tebigy baýlyklary peýdalanmaga alternatiw çemeleşilmegini üpjün etmek maksady bilen şol baýlyklary dolandyrmagyň täze şekilleriniň döredilmegi zerurdyr. Seýrek we endemik haýwanlaryň ýaşaýan mesgenlerini guramaçylykly syýahatlaryň, ýörişleriň geçirilmegi, ýerli jemgyýet toparlaryna-soobşestwolara ol haýwanlary promysel üçin ulanylandakydan has köp girdeji berip biler. Biodürliligiň köp obýekteleriniň (haýwanlarynyň we ösümlikleriň) gözellik babatdaky gymmaty, olaryň iýmit hökmündäki bazar nyrhyndan has ýokarydyr.

Card image cap
Apr 09 2026
Himiki maddalaryň daş töwerege edýän täsirleri.

Himiki maddalaryň daş töwerege edýän täsirleri şu aşakdakylar ýaly görnüşde esaslandyrylýar:

Card image cap
Apr 03 2026
Ulag serişdelerinde iýmit kärhanalaryny gurnamaklygyň aýratynlyklary.

Ulag serişdelerinde iýmit kärhanalaryny gurnamaklygyň aýratynlyklary köpugurly bolup, olar esasan çäklendirilen giňişlik, hereketlilik we ýokary howpsuzlyk talaplary bilen kesgitlenilýär. Adaty jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryndan tapawutlylykda, gämilerde, otlularda we uçarlarda aşhana bölümini taslamak inženerçilik we tehnologik taýdan düýpli çemeleşmäni talap edýär. Ilkinji nobatda, bu ýerde her bir kwadrat metr meýdan tygşytly ulanylmalydyr, sebäbi ulag serişdesiniň göwrümi hemişe çäklidir. Şol sebäpli aşhana enjamlary kompakt, köp funksiýaly we ergonomik bolmalydyr; meselem, birnäçe amaly ýerine ýetirýän parokonwektomatlar ýa-da uniwersal aşhana maşynlary giňden ulanylýar. Şeýle hem, ulagyň hereket wagtynda ýüze çykýan yrgyldylar, sarsgynlar ýagdaýlary sebäpli ähli enjamlar we mebeller pola ýa-da diwarlara berkidilýär, tekjelerde bolsa gap-gaçlaryň gaçmazlygy üçin ýörite saklaýjy gyralar gurnalýar. Otlularda iýmit kärhanalaryny gurnamak we olara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, häzirki zaman demir ýol ulgamynda ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda esasy aýratynlyk dar we uzyn wagon giňişliginde maksimal netijeliligi gazanmakdan ybaratdyr. Wagon-restoranlaryň gurluşynda ilki bilen "howpsuzlyk we durnuklylyk" prinsipi öňe sürülýär. Otlynyň hemişelik yrgyldysy we tormozlanma wagtyndaky sarsgynlary sebäpli, aşhana enjamlary — plitalar, sowadyjylar we iş stollary — diňe bir polatdan ýasalman, eýsem wagonynyň korpusyna berk berkidilýär. Aşhana gap-gaçlarynyň we taýýar önümleriň gozganmazlygy üçin magnitli tutawaçlar hem-de ýörite çykaryp bolýan saklaýjy bortikler ulanylýar. Şeýle-de, otlularda suw üpjünçiligi we elektrik energiýasy çäklidir, şol sebäpli energiýany tygşytlaýjy we suwy gaýtadan ulanmazdan arassalaýjy öňdebaryjy ulgamlar gurnalmalydyr.  Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa iýmitiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda hyzmatyň tizligini hem artdyrýar. Häzirki wagtda dünýä tejribesinde "Cook & Chill" (Bişir we sowat) tehnologiýasy giňden ulanylýar. Bu usulda iýmit ýerde, ýöriteleşdirilen uly aşhanalarda taýýarlanyp, şok görnüşinde sowadylýar we wagonlara ýüklenilýär. Wagonyň içinde bolsa innowasion "Sous-vide" ýa-da ýokary tizlikli induksiýa peçleri arkaly tagamyň witaminlerini we tagamyny ýitirmezden gysga wagtda gyzdyrylýar. Sanly tehnologiýalar hem bu pudaga işjeň girýär: ýolagçylar indi öz orunlarynda oturan ýerinden mobil goşundylar ýa-da QR-kodlar arkaly menýuny görüp, onlaýn sargyt edip bilýärler. Bu bolsa wagon-restorandaky dykyzlygy azaldýar we ofisiantlaryň işini awtomatlaşdyrýar. Şeýle-de, ekologik innowasiýalar çäginde iýmit galyndylaryny gaýtadan işleýän biokompaktorlar we plastik gaplaryň deregine ulanylýan biodegradirlenýän (tebigatda çalt ereýän) gap-gaçlar ornaşdyrylýar. Akylly sowadyjy ulgamlar bolsa önümleriň saklanyş möhledine sanly gözegçilik edip, isripçiligiň öňüni alýar. Bularyň hemmesi demir ýol transportynda iýmitlenmegi diňe bir fiziki zerurlyk däl, eýsem sanly we ekologik taýdan arassa ýokary hilli hyzmata öwürýär. Tehnologik prosesleriň guralyşy hem ulagyň görnüşine we saparyň dowamlylygyna görä üýtgeýär. Uly ýolagçy gämilerinde doly önümçilik sikli ýola goýulýan bolsa, uçarlarda we gysga aralyga gatnaýan otlularda esasan taýýar iýmitleri gyzytmak (catering) usuly ulanylýar. Bu bolsa azyk önümleriniň saklanyşyny we logistikasyny has-da kynlaşdyrýar. Uzak möhletli saparlarda önümleriň hilini saklamak üçin ýörite sowadyjy kameralar we ammar bölümleri ulanylýar, bu ýerde temperaturanyň we çyglylygyň hemişelik gözegçilikde saklanmagy zerurdyr. Azyk gorlary sapara çykmazdan öň ýolagçylaryň sanyna we dowamlylygyna görä anyk hasaplanmalydyr, sebäbi hereket wagtynda goşmaça üpjünçilik mümkinçiligi çäklidir. Sanitariýa we epidemiologik howpsuzlyk ulag iýmit kärhanalarynyň iň möhüm tarapydyr. Ýapyk we dar giňişlikde islendik ýokanç keseliň ýa-da zäherlenmäniň ýüze çykmagy ekipažyň we ýolagçylaryň saglygyna, hatda ulagyň dolandyrylyşyna hem uly wehim salyp biler. Şonuň üçin suw üpjünçiligi üçin ýöriteleşdirilen süzgüçler, iýmit galyndylaryny ýygnamak we zyňmak üçin bolsa pressleýji hem-de dezinfeksiýa ediji ulgamlar ulanylýar. Deňiz ulagynda MARPOL ýaly halkara konwensiýalaryň talaplaryna laýyklykda, galyndylaryň dolandyrylyşy berk düzgünleşdirilendir. Ýangyn howpsuzlygy hem aýratyn üns merkezinde bolup, dar aşhanalarda açyk otuň ulanylmagyndan gaça durulýar we esasan elektrik ýa-da induksiýa plitalaryna ileri tutulýar. Netijede, ulag serişdelerinde iýmit hyzmatyny gurnamak diňe bir tagam taýýarlamak däl-de, eýsem çäklendirilen şertlerde logistikanyň, inženerçilik çözgütleriniň we hyzmat ediş medeniýetiniň sazlaşykly işini üpjün etmekdir. Ýolagçylaryň psihologik ýagdaýyna we rahatlygyna göni täsir edýän menýu köpdürlüligi, iýmitiň ýokumlylygy we hyzmat edişiň çaltlygy ulag kärhanasynyň bäsdeşlik ukybyny we abraýyny kesgitleýän esasy faktorlardyr. Bu ulgamda her bir detal — önümiň saklanyşyndan başlap, galyndynyň zyňylmagyna çenli — halkara standartlara we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmelidir.