dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Döredijilik duşuşygy.

Ata Watanymda durmuşa geçirilýän düýpli  özgertmeleriň maksady ýurdy has-da döwrebaplaşdyrmakdan, ýurduň abadançylygyny  gorap saklamakdan hem-de halkyň ruhy taýdan kämilligini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda ata-babalarymyzyň ösen medeniýetleri döredendiklerine, dünýä medeniýetiniň ösmegine hem uly goşant goşandyklaryna, döredijilikli ýaşamagy başarandyklaryna aýdyň göz ýetirýäris. Biziň häzirki neslimiz bolsa ony has-da ösdürip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kämil medeniýetini kemala getirýärler.

         Milli Liderimiziň öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, milli däp-dessurlarymyzya söýgi döretmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige mahsus ruhda terbiýelemek, ýaşlar syýasaty boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmek ýaly meseleler ilkinji orunda görkezilýär.

         Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan güneşli Diýarymyzda bu ugurda milli Liderimiz tarapyndan ýaşlary ylmy we döredijilik işlerine höweslendirmek, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmak, ýaş telekeçilere goldaw bermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Munuň özi ýaşlary ruhlandyrýar, şol bir wagtda olarda uly jogapkärçilik duýgusyny oýarýar.

         Ýakynda Deňizçilik orta hünär okuw mekdebine Balkan welaýatynyň görnükli şahyry Mämmetgurban Geldigurbanowy myhmançylyga çagyrylyp, döredijilik bilen meşgullanýan, şahyrçylyga bolan höwesli talyplar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

 Ol öz döredijilik ýolundan söhbet açyp neşir edilen “Mukamly öwrümler”, “Ýürekde beslänim Watan”, “Pederleriň söhbedi” atly kitaplary bilen tanyşdyrdy. Şahyr öz çykyşynda aýratynam türkmen halkynyň meşgur şahsyýetleri Garajaoglan, Görogly ýaly adamlar, olaryň ýaşan ýerleri, durmuşy barada söhbet açdy. Şeýle hem Etrek etrabynda ýaşap geçen belli adamlar, bagşylar, sazandalar hakynda gürrüň berdi. Ýaşlara bagyşlan öwüt-nesihat äheňli “Ýigide”, “Gyza” diýen şygyrlary talyplarda aýratyn täsir galdyrdy.

Okuw jaýymyzda döredijilik bilen meşgullanýan, şygyrçylyga bolan höwesli talyplar “Gämi sürüjilik” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Gurban Ödeniýazow, “Maglumatlary gorap saklamagyň tehnologiýasy we ony guramak” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Sähragül Keljäýewa, “Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Aýna Potjanowa, “Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ogulşat Babaýewa, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nurjahan Kömekowa öz gezeklerinde ata watanymyzy wasp edýän goşgularyny, söýgi temasyndan şygyrlaryny ýerine ýetirdiler.

Şahyr ýaş döredijileri diňläp, şahyrçylyk äleminden  gowy maslahatlary berdi, mundan beýlägem talyp ýaşlara döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuwlady.

         Şular ýaly gowluklaryň sakasynda duran, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge döredip berýän gahryman arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli, beýik başlangyçlarynyň elmydama üstünliklere, rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Ýalkym Meretgylyjowa.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Beýleki bildirişler

Ähli bildirişler
Card image cap
Apr 02 2026
Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy: Awazada talyplaryň joşgunly sport baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, aprel aýynyň ýurdumyzda Saglyk aýy diýlip yglan edilmegi ýaş nesilleriň ruhuny belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynyň 02-sine Hazar deňziniň merjen dänesi bolan Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda sport çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyplaryň aýratyn işjeňligi we buýsançly çykyşlary hemmeleriň ünsüni çekdi. Sport çäresi ir bilen deňiz kenarynyň tämiz howasynda köpçülikleýin maşklar bilen başlandy. Talyplar öz halypa mugallymlary bilen bilelikde, sazlaşykly saz astynda bedeni taplaýan döwrebap gimnastik maşklary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Ýaşlaryň her bir hereketinde sagdyn durmuş ýörelgesine bolan söýgi we öz mekdebine bolan guwanç duýuldy. Bedenterbiýe maşklaryndan soňra, çäräniň iň täsirli pursady bolan welosiped ýörişine badalga berildi. Awazanyň gözel binalarynyň ýanyndan geçýän ýodalarda talyplar uly joşgun bilen welosiped sürdüler. Bu ýöriş diňe bir sport çäresi däl, eýsem ýaşlaryň agzybirliginiň we sagdyn geljege bolan ynamynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Gatnaşyjylaryň ýüzlerindäki şatlyk we kalplaryndaky buýsanç çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy bilen utgaşan bu ajaýyp gün, talyplar üçin hakyky bagtyýarlyk baýramy boldy. Şeýle döwrebap şertleri we bagtyýar ýaşlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza mugallymlaryň we talyplaryň minnetdarlygy çäksizdir.

Card image cap
Apr 01 2026
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň 25-nji martynda “Açyk gapylar” güni geçirildi.

Bu geçirilen çärede okuw mekdebimizde bilim almaga isleg bildirýän ýaşlarymyza okuw mekdebimiziň ähli mümkinçiliklerini açyp görkezjek gezelençler, görelde sapaklary, zehin bäsleşikleri, ähli hünärler boýunça taslamalar we sergiler gurnaldy. Talyplarymyzyň görkezýän taslamalarynda diňe bir tehnika däl, eýsem uly bir medeni dowamat ýatyr. Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde deňiz bilen dost bolan, Hazaryň kenarynda uly siwilizasiýalary guran halkdyr. Talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalary jemgyýetiň häzirki zaman meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Meselem, deňiz portunyň ekologiýasy ýa-da ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi baradaky ylmy gözlegler. Bu diňe bir mekdep çäklerinde däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin wajyp meselelerdir. Talyplar öz taslamalarynda “Men jemgyýete nähili peýda getirip bilerin” diýen soraga jogap berýärler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýaşlar syýasatynyň – döredijilikli we işjeň nesili kemala getirmek maksadynyň netijesidir. “Açyk gapylar” gününe gelen her bir ýaş ýürek biziň taryhymyzy we gelejegimizi baglanyşdyrýan täze bir güýçdir. Biz ýaşlara şeýle giň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilim ýoly hemişe aýdyň bolsun.