dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
MAÝA GOÝMAK — YKDYSADYÝETI PUGTALANDYRMAK

«Sen pul üçin işleme, pul seniň üçin işlesin» diýilýän jümle mydama telekeçiler we maliýeçiler tarapyndan köp gaýtalanýar. Eýsem puly nädip işletmeli? Bu sowalyň düýp manysy pul serişdeleriniň ýene-de pul getirip bilýänligidir. Bar bolan serişdeleriňi peýda almak maksady bilen ulanmaklyga maýa goýmak diýilýär. Maýa goýumlaryň täze kärhanalaryň açylmagynda, täze innowasion önümleriň bazara çykarylmagynda, hatda ähli ýurtlaryň ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagynda ähmiýeti uludyr. Geliň, maýa goýumlaryň ykdysadyýetdäki ornuna has içginräk düşünmäge çalşalyň! Belleýşimiz ýaly, maýa goýmagyň esasy maksady, wagtyň geçmegi bilen, girdeji ýa-da başga bir peýdaly netije almak bolup durýar. Şu nukdaýnazardan seretsek, peýda almaga niýetlenilen islendik herekete maýa goýum diýip bolar. Meselem, hünär saýlanylanda, adam ondan geljekde gowy girdejä we kanagatlanma garaşyp saýlaýar. Geljekde onuň öwrenen hünärine bolan islegiň artmagam mümkin, peselmegem. Adam bu ýerde özüniň esasy serişdesini — wagtyny maýa goýýar. Ýöne maliýe dünýäsinde maýa goýmak diýlende, islendik emlägiň ýa-da serişdeleriň geljekde girdeji almak maksady bilen, telekeçilik ýa-da başga görnüşli işe gönükdirilmegine aýdylýar. Maýa goýluşyň ençeme görnüşleri we usullary bar. Olaryň biri hökmünde geljekde peýda getirip biljek emlägiň gönüden-göni satyn alynmagyny mysal getirse bolar. Maýanyň bu görnüşe gozgalmaýan emläkler, tehnika, taýýar biznesler, şeýle hem awtorlyk hukuklary, patentler, bilim, nou-hau usullary ýaly girdeji getirip durýan emläkdir serişdeleriň (kapitalyň) satyn alynmagyna gönükdirilmegi degişli bolup durýar. Maliýe maýa goýumlaryna bolsa maýadarlar tarapyndan kärhanalaryň gymmatly kagyzlaryna, karzlara maýa goýumlary degişlidir. Dünýäde günde müňlerçe täze kärhanalar açylýar, öňden işläp gelýän kärhanalar bolsa önümçiligini giňeltmäge, girdejilerini artdyrmaga çalyşýarlar. Kärhanalara işini ýola goýmak ýa-da alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek üçin serişdeleriň gerekdigi düşnüklidir. Şeýlelik bilen, serişdeleriň ýetmezçilik edýän halatynda kärhana zerur serişdeleri karzyna alyp ýa-da kompaniýasynyň belli bir bölegini, ýagny paýnamalaryny pul serişdeleri bolan taraplara satyp bilýär. Geljekde bu aksiýalardan gelýän girdeji ulalyp, maýadara uly peýda getirýär. Bu mehanizm serişde gerek bolan taraplary bergili bolup galmak howpundan azat edýär, serişdesi bolan taraplara bolsa peýda gazanmaga mümkinçilik döredýär. Karzyna alnan serişdeleri hökmany ýagdaýda yzyna gaýtarmalydygy berk hem düşnükli hakykatdyr. Şonda işiň başa barmadyk ýagdaýynda bergili bolup galmak howpunyň dörejekdigi-de öz-özünden düşnüklidir. Maýa goýlanda bolsa maýadaryň özi ähli töwekgelçilikleri kabul edip, hasaplap, geljekde goýumynyň ödeljekdigine ynanyp, serişdelerini berýär. Karz bilen kärhana goýulýan maýanyň tapawudy bolsa şundan ybaratdyr. Maýa goýmazdan öň, iki sany görkezijä aýratyn üns berilýär: töwekgelçilik we garaşylýan girdejililik. Töwekgelçilik derejesi pes bolan maýa taslamalary az girdeji getirýär. Tersine, garaşylýan girdejililigi uly bolan taslamalar, köplenç, töwekgel bolýarlar. Iň töwekgel maýa goýumlara wençur maýa goýumlary diýilýär (iňlis d. «venture» — töwekgelçilik). Bulara täze önümi bazara girizjek bolýan kärhanalara (startup) goýulýan maýa goýumlar degişli edilýär. Maýa goýmak işine täze girişýänlere goýumlary diwersifikasiýalaşdyrmak maslahat berilýär. Ýagny ähli serişdeleri bir ýere däl-de, dürli ýere gönükdirmeli. Şeýlelik bilen, käbir maýa goýumlar girdeji getirip, käbiri bolsa ýitip, deňagramlyk emele gelýär we ýitgi töwekgelçiligini azaldýar. Professional maýadarlar töwekgelçilikleri hasaplap, bazardaky ýagdaýy anyklap, düýpli barlaglary geçirip, maýa goýýarlar. Häzirki döwürde bu hyzmatlary ýörite ýerine ýetirýän kärhanalar bar. Serişdeleriň eýeleri has netijeli maýa goýmak üçin öz serişdelerini olara dolandyrmaga berýärler. Bu kärhanalar bolsa alnan girdejiden belli bir göterimini özlerine alyp galýarlar. Bularyň iň irileri «The Vanguard Group», «BlackRock, Inc.», «State Street Corporation» ýaly amerikan kärhanalary bolup, olar iň iri maýa goýum kompaniýalarynyň «uly üçlügini» emele getirýärler. Maýa goýumlary barada aýdylanda, dünýä belli maýadarlary, ýagny inwestorlary belläp geçmek gerek. Uorren Baffet, Reý Dalio, Jeýms Saýmons ýaly şahslar iň iri inwestorlaryň hataryna bolup, olaryň maýa goýmak hakda ýazan kitaplary iň köp satylýan hem-de hemişe okalýan eserleriň hataryna girýär. Ylaýta-da, bu kitaplar Ýer ýüzüniň maýa bazaryna girmäge höwes edýänler hem-de öwreniji inwestorlar üçin has arzylydyr. Goýulýan serişdeleriň gelip çykyşy boýunça maýa goýumlar 3 topara bölünýär: hususy, döwlet we daşary ýurt maýa goýumlary. Hususy maýa goýumlara ýurduň raýatlary tarapyndan goýulýan maýa goýumlary degişlidir. Döwlet maýa goýumlary diýlip, döwlet býujetiniň serişdelerinden emele gelýän maýa goýumlara aýdylýar. Döwletler maýa goýumlary, köplenç, durmuş-ykdysady pudaklara, döwletde ileri tutulýan ugurlary ösdürmäge gönükdirýärler. Eziz Watanymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş we bilim ýaly durmuş-ykdysady pudaklara uly möçberde maýa goýumlar goýulýar. Adyndan belli bolşy ýaly, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çeşmesi — daşary ýurt serişdeleri bolup durýar. Olar daşary ýurt korporasiýalary, raýatlary tarapyndan islendik maýa goýum ýaly, girdeji almak maksady bilen, başga ýurduň ykdysadyýetine gönükdirilýär. Globallaşma döwründe daşary ýurt maýa goýumlary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegine öwrüldi. Ýurtlar özüne daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň ugrunda uly tagalla edýärler. Munuň sebäbi daşary ýurt maýalarynyň kabul ediji ýurda getirýän peýdasyndadyr. Daşary ýurt maýasy bilen birlikde kabul edýän ýurda daşary ýurt tejribesi hem gelýär. Önümçiligiň has kämil usullary, kämil tehnologiýalar we dolandyryş usullary — bularyň ählisi daşary ýurt maýadarlary tarapyndan işiň netijeliligini artdyrmak üçin ulanylýar. Ýerli kärhanalar bilen bäsleşik döreýär, onuň netijesinde, wagtyň geçmegi bilen, ýerli kärhanalar täze tehnologiýalary we önümçilik usullaryny özleşdirip başlaýarlar. Şeýle hem daşary ýurt maýalarynyň gatnaşmagynda täze kärhanalaryň açylmagy, ýurtda iş orunlarynyň köpelmegine getirýär. Daşary ýurda maýa goýmagyň maýadarlar üçin peýdasy olaryň täze bazarlara çykmagy, önümçilik ýeriniň sarp ediş ýerine ýakynlaşmagy we arzan işçi güýjüniň köpelmegi bolup durýar. Käbir ýurtlaryň ösüşinde daşary ýurt maýa goýumlary aýratyn orun eýeleýärler. Muňa Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Eýran, Hytaý, Hindistan ýaly ýurtlary degişli edip bolar. Hindistana, Hytaýa, Eýrana Ýewropa ýurtlary gerek wagtynda maýa goýdular. Singapurda uly möçberde daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine şert döredildi. Bu bolsa ýurduň ykdysadyýet babatda «Aziýanyň gaplaňy» adyny almagyna ýol açdy. Häzirki döwürde maýa akymlarynyň iň köp goýulýan ýurtlary ABŞ, Niderlandlar, Lýuksemburg, Hytaý, Beýik Britaniýa we Singapur bolup durýar. Içerki bazarlarynyň giňligi we amatly şertleri bu ýurtlara gelýän maýa goýumlaryň ýyllyk akymynyň barha giňelmegini şertlendirýär. Ýurda gelýän daşary ýurt maýalarynyň göwrümi gös-göni ýurtda iş alyp barmak üçin bar bolan şertler bilen kesgitlenilýär. Bu şertlere başgaça «maýa goýum klimaty» hem diýilýär. Daşary ýurt maýadarlary öz serişdeleriniň howpsuzlygy üçin ykdysady we syýasy taýdan durnukly we kämil kanunçylykly ýurtlary saýlaýarlar. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyz sebitde iň durnukly ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Milli kanunçylygymyz bolsa eýeçiligiň eldegrilmesizligini we goraglylygyny doly derejede üpjün edýär. Şu ýylyň aprel aýynyň 26-syna Dubaýda geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda «Dragon Oil», «CNPC» ýaly iri kompaniýalaryň ýurdumyza mundan beýläk maýa goýmaga taýýardyklaryny bildirmegi mähriban Watanymyzyň daşary ýurt maýasy üçin gyzyklanma döredýändiginden habar berýär. Milli ykdysadyýeti ösdürmek we daşary ýurt maýasyny zerur pudaklara çekmek üçin ýurtlar aýratyn ykdysady zolaklary döredýärler. Bu zolaklarda ýeňillikli salgyt we gümrük syýasaty hereket edip, öz işini açjak bolýan taraplar üçin örän amatly şertleri üpjün edýär. Aýratyn ykdysady zolaklara Watanymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny hem degişli edip bolar. Şeýlelikde, maýa goýumlary halklaryň jebisleşmegi, bilelikdäki ösüşi üpjün etmek üçin wajyp bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk-de ýokary depginli ösüşlerini kämilleşdirmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, iň esasy bolsa, özara ynanyşmagy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Mugallym: Aşyrowa Mährijemal

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Apr 03 2026
Ulag serişdelerinde iýmit kärhanalaryny gurnamaklygyň aýratynlyklary.

Ulag serişdelerinde iýmit kärhanalaryny gurnamaklygyň aýratynlyklary köpugurly bolup, olar esasan çäklendirilen giňişlik, hereketlilik we ýokary howpsuzlyk talaplary bilen kesgitlenilýär. Adaty jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryndan tapawutlylykda, gämilerde, otlularda we uçarlarda aşhana bölümini taslamak inženerçilik we tehnologik taýdan düýpli çemeleşmäni talap edýär. Ilkinji nobatda, bu ýerde her bir kwadrat metr meýdan tygşytly ulanylmalydyr, sebäbi ulag serişdesiniň göwrümi hemişe çäklidir. Şol sebäpli aşhana enjamlary kompakt, köp funksiýaly we ergonomik bolmalydyr; meselem, birnäçe amaly ýerine ýetirýän parokonwektomatlar ýa-da uniwersal aşhana maşynlary giňden ulanylýar. Şeýle hem, ulagyň hereket wagtynda ýüze çykýan yrgyldylar, sarsgynlar ýagdaýlary sebäpli ähli enjamlar we mebeller pola ýa-da diwarlara berkidilýär, tekjelerde bolsa gap-gaçlaryň gaçmazlygy üçin ýörite saklaýjy gyralar gurnalýar. Otlularda iýmit kärhanalaryny gurnamak we olara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, häzirki zaman demir ýol ulgamynda ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda esasy aýratynlyk dar we uzyn wagon giňişliginde maksimal netijeliligi gazanmakdan ybaratdyr. Wagon-restoranlaryň gurluşynda ilki bilen "howpsuzlyk we durnuklylyk" prinsipi öňe sürülýär. Otlynyň hemişelik yrgyldysy we tormozlanma wagtyndaky sarsgynlary sebäpli, aşhana enjamlary — plitalar, sowadyjylar we iş stollary — diňe bir polatdan ýasalman, eýsem wagonynyň korpusyna berk berkidilýär. Aşhana gap-gaçlarynyň we taýýar önümleriň gozganmazlygy üçin magnitli tutawaçlar hem-de ýörite çykaryp bolýan saklaýjy bortikler ulanylýar. Şeýle-de, otlularda suw üpjünçiligi we elektrik energiýasy çäklidir, şol sebäpli energiýany tygşytlaýjy we suwy gaýtadan ulanmazdan arassalaýjy öňdebaryjy ulgamlar gurnalmalydyr.  Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa iýmitiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda hyzmatyň tizligini hem artdyrýar. Häzirki wagtda dünýä tejribesinde "Cook & Chill" (Bişir we sowat) tehnologiýasy giňden ulanylýar. Bu usulda iýmit ýerde, ýöriteleşdirilen uly aşhanalarda taýýarlanyp, şok görnüşinde sowadylýar we wagonlara ýüklenilýär. Wagonyň içinde bolsa innowasion "Sous-vide" ýa-da ýokary tizlikli induksiýa peçleri arkaly tagamyň witaminlerini we tagamyny ýitirmezden gysga wagtda gyzdyrylýar. Sanly tehnologiýalar hem bu pudaga işjeň girýär: ýolagçylar indi öz orunlarynda oturan ýerinden mobil goşundylar ýa-da QR-kodlar arkaly menýuny görüp, onlaýn sargyt edip bilýärler. Bu bolsa wagon-restorandaky dykyzlygy azaldýar we ofisiantlaryň işini awtomatlaşdyrýar. Şeýle-de, ekologik innowasiýalar çäginde iýmit galyndylaryny gaýtadan işleýän biokompaktorlar we plastik gaplaryň deregine ulanylýan biodegradirlenýän (tebigatda çalt ereýän) gap-gaçlar ornaşdyrylýar. Akylly sowadyjy ulgamlar bolsa önümleriň saklanyş möhledine sanly gözegçilik edip, isripçiligiň öňüni alýar. Bularyň hemmesi demir ýol transportynda iýmitlenmegi diňe bir fiziki zerurlyk däl, eýsem sanly we ekologik taýdan arassa ýokary hilli hyzmata öwürýär. Tehnologik prosesleriň guralyşy hem ulagyň görnüşine we saparyň dowamlylygyna görä üýtgeýär. Uly ýolagçy gämilerinde doly önümçilik sikli ýola goýulýan bolsa, uçarlarda we gysga aralyga gatnaýan otlularda esasan taýýar iýmitleri gyzytmak (catering) usuly ulanylýar. Bu bolsa azyk önümleriniň saklanyşyny we logistikasyny has-da kynlaşdyrýar. Uzak möhletli saparlarda önümleriň hilini saklamak üçin ýörite sowadyjy kameralar we ammar bölümleri ulanylýar, bu ýerde temperaturanyň we çyglylygyň hemişelik gözegçilikde saklanmagy zerurdyr. Azyk gorlary sapara çykmazdan öň ýolagçylaryň sanyna we dowamlylygyna görä anyk hasaplanmalydyr, sebäbi hereket wagtynda goşmaça üpjünçilik mümkinçiligi çäklidir. Sanitariýa we epidemiologik howpsuzlyk ulag iýmit kärhanalarynyň iň möhüm tarapydyr. Ýapyk we dar giňişlikde islendik ýokanç keseliň ýa-da zäherlenmäniň ýüze çykmagy ekipažyň we ýolagçylaryň saglygyna, hatda ulagyň dolandyrylyşyna hem uly wehim salyp biler. Şonuň üçin suw üpjünçiligi üçin ýöriteleşdirilen süzgüçler, iýmit galyndylaryny ýygnamak we zyňmak üçin bolsa pressleýji hem-de dezinfeksiýa ediji ulgamlar ulanylýar. Deňiz ulagynda MARPOL ýaly halkara konwensiýalaryň talaplaryna laýyklykda, galyndylaryň dolandyrylyşy berk düzgünleşdirilendir. Ýangyn howpsuzlygy hem aýratyn üns merkezinde bolup, dar aşhanalarda açyk otuň ulanylmagyndan gaça durulýar we esasan elektrik ýa-da induksiýa plitalaryna ileri tutulýar. Netijede, ulag serişdelerinde iýmit hyzmatyny gurnamak diňe bir tagam taýýarlamak däl-de, eýsem çäklendirilen şertlerde logistikanyň, inženerçilik çözgütleriniň we hyzmat ediş medeniýetiniň sazlaşykly işini üpjün etmekdir. Ýolagçylaryň psihologik ýagdaýyna we rahatlygyna göni täsir edýän menýu köpdürlüligi, iýmitiň ýokumlylygy we hyzmat edişiň çaltlygy ulag kärhanasynyň bäsdeşlik ukybyny we abraýyny kesgitleýän esasy faktorlardyr. Bu ulgamda her bir detal — önümiň saklanyşyndan başlap, galyndynyň zyňylmagyna çenli — halkara standartlara we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmelidir.

Card image cap
Mar 30 2026
Sanly bilim ulgamy — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okuw işinde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmak Konsepsiýanyň esasy wezipeleridir. Şonuň bilen birlikde-de, bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda bilim edaralaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär. Bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykylmagyny üpjün edýär. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilim edaralaryny ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edip, ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda bilim bermegiň döwrebap usullarynyň biri bolan uzak aralykdan bilim almak görnüşiniň raýatlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini aýratyn bellemek gerek. Bularyň hemmesi, öz gezeginde, sanly maglumat jemgyýetindäki durmuşa uýgunlaşan şahsyýetiň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamy döwrüň talabydyr. «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtaýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär. Sanly bilim ulgamlarynda tehniki goldawy bermegiň ýene bir usuly, edara taýdan goldaw programmalaryny guramakdyr. Bu programmalarda hünärmenler we bilim işgärleri, ulanyjylara olaryň ýüzbe-ýüz ýüze gelen tehniki meselelerini çözmekde kömek edip bilerler. Hünärmenleriň öz işlerini ödenmek arkaly amala aşyrmagy, ulanyjylara olaryň soraglaryna has çalt we netijeli jogap bermek üçin mümkinçilik döredýär. Sanly bilim ulgamlarynyň ösüşi bilen baglylykda, käbir ulgamlaryň we altynlardaky döredilen täze mümkinçilikleriň günsaýyn özgerýändigi nygtalyp geçilmeli. Meselem, maşyn öwrenişi, sun’iy intellekt we big data analizleri ulanyjylaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçün netijeli usullardyr. Bu tehnologiýalar arkaly ulanyjylara öz mümkinçiliklerini has gowy peýdalanmaga we problemleri çalt we netijeli çözmäge kömek edilýär. Sanly bilim ulgamlaryna tehniki taýdan goldaw bermek, şol ulgamlarda özleşdirilen maglumatlary aňlatmak we ulanyjylaryň şahsy ösüşini üpjün etmek üçin möhümdir. Online öýjükler, goldaw programmalary we teklip edilýän täze tehnologiýalar arkaly, ulanyjylaryň bilim almakda we tejribe gazanmakda has netijeli ýagdaýda iş alyp barmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede, sanly bilim ulgamlarynda tehniki goldaw bermegiň möhüm aýratynlyklary jemgyýetiň ösüşine, şahsyýetiň üstünliklerine we döwrebap bilim ulgamynyň güýçlenmegine ýol açýar.Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!