dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
WATAN EDERMENLERI— HALK GAHRYMANLARY

Her ýy­lyň 9-njy ma­ýyn­da ýur­du­myzda 1941—1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Watan­çy­lyk ur­şun­da gazanylan Ýe­ňiş gü­ni bel­le­ni­lýär. Şu ýyl Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan ýeň­şe 77 ýyl dol­ýar. Türk­me­nis­tan­da bu ur­şa gat­na­şan we­te­ran­la­ra, sö­weş­de we­pat bo­lan esger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na, tyl­da zäh­met çe­ken­le­re çuň­ňur sar­pa go­ýul­ýar. Ola­ryň sag­ly­gy ha­kyn­da we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň has-da go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ba­ra­da ala­da edil­ýär. Şol dö­wür­de ur­şa gat­na­şan türk­menis­tan­ly­lar agyr sy­nag­la­ra döz ge­lip, ýeň­şe uly ­go­şant goş­du­lar, tyl­da zähmet çe­ken­ler hem eder­men­lik görkez­di­ler. Şol agyr ýyl­la­ryň ze­nan­la­ry şaý-sep­le­ri­ni Ýe­ňiş üçin ba­gyş et­di­ler. Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da türk­menis­tan­ly­la­ryň Go­ran­mak gaz­na­sy­na 7392 ki­log­ram al­tyn we kü­müş be­zeg şaý-sep­le­ri­ni tab­şy­ryp, wa­tan­çy­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­ke­zen­dik­le­ri buý­sanç bi­len bel­le­nil­mä­ge my­nasyp­dyr. Her ýy­lyň 9-njy ma­ýyn­da Türkme­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan uruş we­te­ran­la­ry­na we uruş­da we­pat bo­lan­la­ryň ýan­ýol­daş­la­ry­na gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar, ýaz gül­le­rin­den bog­lan çe­men­ler da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­ýar. Ur­şuň agyr ýyl­la­ryn­da hal­kyň görke­zen eder­men­li­gi hiç ha­çan ýat­dan çyk­maz. Ýyl­lar geç­ýär, em­ma ne­sil­leriň kal­byn­da asu­da as­ma­nyň, pa­ra­hat dur­mu­şyň ha­ty­ra­sy­na ba­şy­ny go­ýan ger­çek­le­riň gah­ry­man­çy­ly­gy, gör­kezen edermenligi hakyndaky hakyda he­mi­şe­lik sak­lan­ýar. Mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň ge­çen gah­ry­man­çy­lyk­ly ýo­ly wa­tan­çy­lygyň, mäh­ri­ban top­ra­ga we­pa­ly­ly­gyň hem-de mu­kad­des Wa­ta­na gul­luk et­me­giň mek­de­bi­dir. Sö­weş meýdan­la­ryn­da we­pat bo­lan­la­ryň at­la­ry «Ha­ty­ra», Ýe­ňiş bi­len do­la­nyp ge­len türk­men es­ger­le­ri­niň at­la­ry bol­sa «Şöh­rat» ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Adam­zat ta­ry­hyn­da iň agyr söweş­le­riň bi­ri bo­lan 1941—1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da we­pat bo­lan gah­ry­man­la­ry­my­zyň ha­ty­ra­sy­na her ýy­lyň 9-njy ma­ýynda «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da ola­ry sar­pa­la­mak çä­re­si ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man­la­ra çuň­ňur sarpa­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ýa­dy­gär­likle­re ter gül des­se­le­ri go­ýul­ýar. Mu­nuň özi ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gah­ry­man­çy­lygy­nyň ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de örän äh­mi­ýet­li­dir. 1941—1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da sö­weş meý­dan­la­ryn­da we tyl­da eder­men­lik gör­ke­zen­le­re ba­ky şöh­rat bol­sun! Biz ola­ryň Wa­ta­na we­pa­ly­ly­gy­nyň, edermen­li­gi­niň hem-de gaý­duw­syz­ly­gynyň, bag­ty­ýar dur­mu­şy­myz we nu­ra­na gel­je­gi­miz üçin bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­nyň öňün­de baş eg­ýä­ris.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.