dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda 2025-nji ýylda ýük dolanyşygy 7,4 million tonna golaýlady

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlary aralygynda jemi ýük dolanyşygy 7 million 316 müň 326 tonna barabar boldy. Bu görkezijide eksport ýükleriniň paýy 4 million 465 müň 956 tonna; import ýükleriniňki 1 million 522 müň 793 tonna; üstaşyr ýükleriň paýy bolsa 1 million 327 müň 576 tonna deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy ýük dolanyşygynda 15,2 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy Türkmenistanyň logistika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň garamagyndaky 20 sany döwrebap gämi Hazar deňziniň iň işjeň gämileriniň hataryna girdi. 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynyň netijelerine görä, bu gämiler arkaly 2 million 454 müň 106 tonna ýük, 20 müň 267 sany awtoulag we 3 müň 207 sany konteýner bellenen menzillerine ýetirildi. Şeýle hem milli flot 170 müň 162 sany ýolagça ýokary hilli hyzmat edip, içerki we halkara gatnawlaryň ygtybarlylygyny artdyrdy diýlip, habarda bellenilýär. 

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.

Card image cap
Few 24 2026
Türkmenabatda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda dabara geçirildi

Türkmenistanyň sebitlerine döredijilik saparyny amala aşyrýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Lebap welaýatynda boldy. 23-nji fewralda Türkmenabatdaky «Türkmeniň ak öýüne» ýygnanan 3 müň adam toparyň täsin çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, dabarada topar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde boldular. Muzeýiň gaznasynda diňe bedewler bilen bagly gymmatlyklaryň 200-den gowragy bar. Olaryň aglabasy asyrlaryň jümmüşinden habar berýär. Welaýat muzeýine gezelenç şöhratly toparyň agzalary üçin gündogar sebite döredijilik saparynyň iň täsirli, ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Az salymdan toparyň agzalary Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry boýunça ýöriş etdiler. Ýoluň ugrunda şäherdäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň we welaýat kitaphanasynyň öňünde aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ak gümmezli «Türkmeniň ak öýi» binasy şöhratly topary aýdym-sazly garşylady. Dabaralar binanyň öňündäki meýdançadan başlap, girelgede dowam etdi. Bu ýerde guralan sergide welaýatyň suratkeşleridir heýkeltaraşlarynyň türkmen bedewlerine bagyşlan eserlerine orun berlipdir. Az salymdan binanyň esasy zalynda dabara başlandy. Dabara gelenleriň ör turup el çarpyşmasy astynda toparyň agzalary sahna täze berlen halkara şahadatnamalary alyp çykdylar. Soňra toparyň çykyşlary boldy. Ozal habar berşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwarynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, onuň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde, Aşgabatda dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Indi bolsa toparyň agzalary ýurduň welaýatlarynda bolup, bu üstünligiň şanyna guralýan çärelere gatnaşýarlar we at üstünde ýerine ýetirýän täsin oýunlary bilen çykyş edýärler.