dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Azerbaýjan kompaniýasynyň gämileri TOPH üçin turbalary daşaýar

«Azerbaijan Caspian Shipping Company» («ASCO») ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämileri TOPH (Türkmenistan– Owganystan — Pakistan — Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin niýetlenen turbalary daşaýar. Bu barada «Report» «ASCO» kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Ýük daşamak işi Bakuwyň deňiz portundan Türkmenbaşy halkara deňiz portuna çenli amala aşyrylýar. Turbalary daşamaga «ASCO-nyň» «Natavan», «Rasul Rza», «Garadag», «Teýmur Ahmedow» we «Maestro Niyazi» atly köpugurly gury ýük gämileri gatnaşýar. Ýylyň ahyryna çenli ady agzalan gämiler arkaly 11 700 sany turbanyň Türkmenistana getirilmegi meýilleşdirilýär.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 17 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny musulman dünýäsinde iň mukaddes hem-de ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent däplerini dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu mübärek gijäniň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, eziz Watana bolan söýgini, agzybirligi we jebisligi has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynam bildirdi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Gutlagynda: «Türkmen halkynyň şöhratly ýolunda kemala gelen hem-de watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, ahlaklylyk, halallyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly gymmatlyklar biziň milli bitewüligimiziň, ruhy dünýämiziň sarsmaz sütünleridir. Köpasyrlyk taryhy tejribä, ruhy we ahlak köklere daýanýan, täze döwrümiziň binýatlaýyn taglymatlaryna öwrülen bu gymmatlyklar mukaddes Oraza aýynda hem-de keremli Gadyr gijesinde has-da rowaçlanyp, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, türkmen halky Gadyr gijesine mukaddesligiň, bereketliligiň we sahawatlylygyň gijesi hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Oraza aýynda, aýratyn-da, Gadyr gijesiniň hormatyna öten-geçenler ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege hoş sözler aýdylyp, tarawa namazlary okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär» diýip belleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkyny mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Card image cap
Mar 14 2026
Halkara Deňiz Gurmasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak meýilleşdirilýär

Halkara Deňiz Gurmasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe teklipleri beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustyndan bäri bu guramanyň agzasy bolup, onuň bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da işjeň ösdürilýär. Türkmenistan Halkara Deňiz Gurmasynyň 14 konwensiýasyna goşuldy we olaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy, şeýle hem amala aşyrylýan işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Deňiz guramasynyň konwensiýalaryna goşulyşmak işini yzygiderli ösdürmek bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär. Ýurduň gämi ulaglar we gatnawlar ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen guramanyň halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu toparyň ilkinji wezipeleriniň biri bolar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara Deňiz Guramasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak, guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw hem-de amaly maslahatlary geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem ýurduň Halkara Deňzi Guramasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen baglanyşykly teklip beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary  işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.