dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara standartlaryna ygrarlylygyny görkezýär

Düýn Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini Türkmenistanyň bilim ulgamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Ol, aýratyn-da, bu işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Hususan-da, hanym Jannini ýurduň ÝUNESKO-nyň bilim ulgamyndaky halkara konwensiýalaryna goşulmak boýunça ädýän işjeň ädimlerini nygtady. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara standartlaryna ygrarlydygynyň we bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň berkidilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle hem ol Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, şol sanda inklýuziw we ýokary hilli bilimi ösdürmekde, sanlaryşdyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde gazanan uly üstünliklerini belledi. Döwrebap we bäsleşige ukyply bilim ulgamyny ösdürmekde özgertmeleri yzygiderli ilerletmekde we strategik ugruny üpjün etmekde ýurduň ýolbaşçylygynyň tutýan orny aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we amaly gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Mundan ozal, Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 26 2026
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Halkara olimpiada Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Ugandanyň we Pakistanyň jemi 63 sany ýokary okuw mekdebinden 877 talyp gatnaşdy. Ders bäsleşiginiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynda geçirilen açylyş dabarasy köp adamly boldy. Olimpiada bir tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşyjylara derse degişli 6 mesele hödürlendi, olary çözmek üçin jemi 120 minut wagt berildi. Eminler gazanylan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijilerini kesgitlediler. Şeýlelikde, halkara olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 106 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Daşary ýurtlularyň arasynda Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary öňe saýlandylar. Bäsleşige Hytaýdan 432 talyp gatnaşyp, olar 101 baýrakly orna eýe boldular. Ders bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary aýratyn tapawutlandylar.